Turkmenportal logo
Düýn 21:02
53235323
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ak şäherim Aşgabat» sergisinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binýadynyň kükürt çöplerinden ýasalan maketi görkezildi

Paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanan «Ak şäherim Aşgabat» sergisinde özboluşly eksponat – kükürt çöplerinden ýasalan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binýadynyň maketi görkezildi. Onuň awtory «Turkmen Binagar» hojalyk birleşiginiň maketçisi Alekseý Kiselýow. Bu işi döretmek üçin takmynan 100 müň sany kükürt çöpi ulanylyp, bir ýyla golaý zähmet çekildi.

Alekseý Kiselýow ömrüniň aglaba bölegini dünýä meşhur binagärlik eserleriniň kiçeldilen nusgalaryny döretmäge bagyşlady. Her bir iş diňe bir ýokary ussatlygy däl-de, eýsem uly sabyrlylygy hem talap edýär. «Adatça bir işi taýýarlamak üçin bir ýa-da iki ýyl wagt gidýär. Şonuň üçin polat ýaly berk sabyrlylyk we çydamlylyk fiziki gurallar ýaly zerur serişdedir» — diýip, ussat belleýär.

Garaşsyzlyk binýadynyň maketi Kiselýowyň 28 ýylyň dowamynda ýygnan «Kükürt çöplerinden ýasalan dünýäniň iň gowy 10 binasy» atly awtorlyk toplumyna goşuldy. Bu topluma Barselonadaky Mukaddes Maşgala ybadathanasy, Reýms ybadathanasy, Kolizeý, Köln we Milan ybadathanalary, Wasiliý Blaženniýniň ybadathanasy, Pariždäki Notr-Dam, Tauer köprüsi, Stambuldaky Gök metjit we Eýfel diňi ýaly meşhur binagärlik ýadygärlikleriniň 10-sy girýär.

Dünýä belli ýadygärliklerden başga-da, Kiselýow Türkmenistanyň birnäçe binagärlik desgalarynyň hem maketlerini taýýarlady. Olaryň arasynda Bitaraplyk binasy we Soltan Sanjaryň mawzoleýi bar bar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly halkara köpugurly sergi 24–25-nji maý aralygynda geçirilýär. Oňa senagat, gurluşyk, energetika we tehnologiýa ugurlarynda işleýän 180-den gowrak kompaniýa gatnaşýar.