Turkmenportal logo
Düýn 20:35
47144714
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2026-njy ýylda Aşgabady döwrebaplaşdyrmaga goýuljak maýa goýumlary 2,5 milliard dollara ýeter

Türkmenistanyň paýtagtyny ösdürmäge goýuljak maýa goýumlaryň möçberi 2026-njy ýylda 2,5 milliard dollara ýetmeli. Bu barada Aşgabat şäheriniň häkimi Rahym Gandymow Türkmenistanyň paýtagtynyň 145 ýyllygyna bagyşlanan «Ak şäherim Aşgabat» atly halkara maslahatda eden çykyşynda mälim etdi.

«Şu günki günde Aşgabat şäher düzümini döwrebaplaşdyrmagyň, ýaşaýyş toplumlaryny gurmagyň, ulag ulgamyny ösdürmegiň, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň we ekologiýa durnuklylygyny ýokarlandyrmagyň giň gerimli maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilýän täze nesliň döwrebap paýtagty hökmünde ynamly kemala gelýär» diýip, ol belledi.

R.Gandymowyň sözlerine görä, şu ýylda umumy maliýeleşdiriş möçberi 4 milliard dollardan gowrak bolan durmuş-zähmet we lukmançylyk maksatly desgalary ulanmaga bermegi tamamlamak meýilleşdirilýär. Ýol düzümini, ulag çatryklaryny döwrebaplaşdyrmaga, hereketi dolandyrmagyň intellektual ulgamlaryny ornaşdyrmaga we şäher logistikasyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär.

Häkimiň bellemegine görä, şäher gurşawyny sanlylaşdyrmak we «akylly şäher» konsepsiýasyny durmuşa geçirmek möhüm ileri tutulýan ugrar bolup galýar. Giň gerimli düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagy daşary ýurtly maýadarlary we kompaniýalary çekmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Häzirki wagtda Türkmenistandaky gurluşyk, düzümleýin we senagat taslamalaryna dürli ýurtlaryň öňdebaryjy halkara kompaniýalary gatnaşýarlar.

R.Gandymow halkara hyzmatdaşlar bilen bir hatarda, şäher ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmaga saldamly goşant goşýan milli hususy pudagyň hem işjeň ösýändigini aýratyn nygtady. Halkara maliýe institutlary we işewürler tarapyndan bildirilýän barha artýan gyzyklanma, Türkmenistanyň alyp barýan açyklyk syýasatyna bolan ynamyň ýokary derejesini we amatly maýa goýum gurşawyna şaýatlyk edýär.