Aşgabat şäheriniň gününiň baýramy mynasybetli 78 sany kottež we iki sany köp öýli ýaşaýyş jaýy ulanmaga berler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow «Ak şäherim Aşgabat» maslahatynda mälim etdi.
Onuň sözlerine görä, paýtagtyň Bagtyýarlyk etrabynda 5 otagly, iki gatly kottežleriň 78-si, Berkararlyk etrabynyň 8-nji kiçi etrapçasynda bolsa degişlilikde 60 we 80 öýli, bäş gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi gurlup gutarylar.
Täze desgalar giň gerimli maýa goýum maksatnamasynyň çäklerinde gurulýar. «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, meýilleşdirilýän düýpli maýa goýumlaryň umumy möçberi 41,2 milliard manada barabar bolar. Şunda serişdeleriň 68,5 göterimi önümçilik maksatly desgalara, 31,5 göterimi bolsa önümçilik däl maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler.
Umuman, 2026-njy ýylda ýurt boýunça umumy meýdany 900 müň inedördül metrden gowrak bolan ýaşaýyş jaýlaryny, 3 380 orunlyk umumybilim berýän mekdepleri we 1 080 orunlyk mekdep ýaşyna çenli çagalar edaralaryny ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.
Aşgabadyň özünde bolsa giň gerimli ýaşaýyş jaý gurluşygy ýaýbaňlandyrylar. «Parahat-7» ýaşaýyş toplumynda 30 sany ýaşaýyş jaýyny, söwda we hyzmat ediş merkezlerini gurmak hem-de ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Büzmeýin etrabynyň ýaşaýyş toplumynda bolsa döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň 46-sy we 4 000 orunlyk köpugurly medeniýet merkezi gurlar.