Turkmenportal logo
Şu gün 11:02
88868886
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BMGÖM Aşgabatda howa hereketlerinde sanly innowasiýalara bagyşlanan interaktiw duşuşyk gurnady

Türkmenistanyň ýaşlary üçin geçirilýän "Ýaşlar we sanly özgerişlik: Durnukly ösüş üçin innowasiýalar" atly bilim çäreleriniň bir bölegi hökmünde, Türkmenistandaky BMGÖM Oguz han adyndaky Inženerçilik we tehnologiýa uniwersiteti bilen bilelikde, talyplar üçin ýer we suw serişdelerini dolandyrmak, şeýle-de biodürlüligi gorap saklamak ýaly howa hereketlerinde sanly innowasiýalara bagyşlanan interaktiw duşuşyk gurnady. 

Sessiýanyň dowamynda Global Daşky gurşaw gaznasy (GEF) tarapyndan maliýeleşdirilýän Aral deňziniň taslamasynyň ýerli bilermenleri we hünärmenleri biodürlüligiň gözegçiliginde, goralýan ýerleri dolandyrmakda we daşky gurşaw taslamalarynyň beýleki ileri tutulýan ugurlarynda innowasion we sanly tehnologiýalary ulanmagyň amaly çemeleşmelerini tanyşdyrdylar. Şeýle hem, talyplar durnukly ösüşde amaly tejribeler we hünär ösüş mümkinçilikleri barada öwrendiler. 

Çäre açyk pikir alyşmalar we sorag-jogap sessiýasy görnüşinde geçirildi, onuň dowamynda talyplar pikir alyşmalara işjeň gatnaşdylar, soraglar berdiler we sanly çözgütleriň howa hereketi we durnukly ykdysady ösüş ýaly Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmäge nähili goşant goşup biljekdigini ara alyp maslahatlaşdylar.

 BMGÖM şeýle başlangyçlar arkaly ýaşlaryň ygtyýarlandyrylmagyny, sanly başarnyklaryň ösdürilmegini, innowasiýalary goldamagyny dowam etdirýär we ýaşlary has durnukly geljegi döretmäge ylhamlandyrýar.