Turkmenportal logo
23.05.26
90039003
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýaponiýada 1200 ýyllap «baky ot» saklanan ybadathana ýandy
Surat: mir24.tv

Ýaponiýadanyň Hirosima prefekturasynyň Miýadzina adasynyň Hasukaiti şäherinde 1200 ýyllap «baky ot» saklanan Daýsoin ybadathanasyny ýangyn ýok etdi. Ot Reýkado taryhy zalyny gurşady diýip, «MIR 24» habar berdi.

Ynanja görä, hramda ody baryp 806-njy ýylda buddaçy monah ýakypdyr, şondan bärem ol öçürilmän gelýärdi. Soňra ony Hirosimedäki 1945-nji ýylyň atom bombalanmasynyň pidalaryny hatyralap döredilen Hakyda seýilgähindäki baky ody ýakmak üçin ulandylar.

Ýerli häkimiýetler ýangyna baky oduň özi sebäp bolandyr diýip çaklaýarlar. Polisiýa wakanyň sebäplerini derňeýär.

Öňem Reýkado zalynda birnäçe gezek ýangyn döräpdir, 2005-nji ýyldaky güýçli ýangyn tarapyndan harap bolan ybadathanany taryhy binagärlik özboluşlylygy bilen täzeden dikeltmek başardypdyr.

Şu ýylyň başyndan bäri Ýaponiýadaky onlarça ybadathanada ýangyn bolandygy habarda bellenýär. Mysal üçin, 16-njy maýda Toýama prefekturasynda hem 573 ýaşly ybadathana ýandy diýip, «The Daily Mail» habar berýär.