Turkmenportal logo
23.05.26
76817681
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Benksiniň gyzjagazly we şarly nakgaşlyk eseri 18 million dollara satyldy
Surat: mir24.tv

Nýu-Ýorkuň söwda auksionynda britan köçe suratkeşi Benksiniň «Gyzjagaz we meýdandan tapylan şar, 2012» (Girl With Balloon on Found Landscape, 2012) işi 18 million dollara satyldy. Söwdalaşyga 70 töweregi myhman gatnaşdy, emma eseri adyny gizlin saklamak islän adam telefon arkaly satyn aldy.

Nakgaşlyk işi gara-ak reňkde ýerine ýetirilipdir, diňe uçup baýrýan şar açyk-gyzyl reňkli, ýürek şekilindedir. Benksiniň işleriniň satuwlarynda öň rekord baha onuň «Şarly gyzjagaz» atly işidir, ol 25,4 million dollara satyldy.

Häzirki söwdalaşyk suratkeşiň hakyky ady belli bolandan soňra ilkinji gezek geçirildi, ýagny çak edilişine görä, köçe suratkeşiniň hakyky ady Robin Ganningem bolmaly. Emma Benksiniň kompaniýasy suratkeşiň bu çaklama barada düşündiriş bermekden saklanýandygyny habar berdi diýip, «The Wall Street Journal» ýazýar.