Nigeriýanyň Prezidenti Bola Tinunu ýurduň adyny Nigeriýanyň Birleşen Ştatlary diýip üýtgetmek we demirgazykda musulman hukuklaryny ýatyrmak boýunça maksatnamanyň ýokdugyny habar berdi. Bu barada döwlet ýolbaşçysynyň edarasynyň metbugat beýanatyna salgylanýan TASS ýazýar.
«Prezidentiň edarasy nigeriýalylary Prezident Bola Tinubunyň Nigeriýanyň adyny Nigeriýanyň Birleşen Ştatlary diýip üýtgetmek hem-de ýurduň demirgazygynda musulman hukugyny ýatyrmak üçin konstitusion üýtgetmeleri girizmek baradaky habarlaryň galpdygyny mälim edýär» diýlip, resmi beýanatda görkezilýär.