Turkmenportal logo
Düýn 22:41
96649664
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Prezident 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakyndaky Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Býujet kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň 2027-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň we ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny öz wagtynda taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti degişli resminama gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine:

Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň we ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak işlerini guramak we olary 2026-njy ýylyň 1-nji noýabryna çenli Ministrler Kabinetine bermek;

taslamalary taýýarlamak üçin hasaplama görnüşlerini we usulyýet görkezmelerini ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli ibermek;

taslamalary taýýarlamak boýunça iş toparyny döretmek hem-de onuň işini netijeli guramak tabşyryldy.