Turkmenportal logo
Düýn 17:38
92309230
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Minsk we Karagandy GDA-nyň Ýaşlar paýtagty derejesini alar

Şu gün Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Duşuşykda Türkmenistana Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow wekilçilik etdi.

Çärede şeýle hem Belarusyň Premýer-ministri Aleksandr Turçin, Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow, Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Adylbek Kasymaliew, Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin, Täjigistanyň Premýer-ministri we GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň häzirki başlygy Kohir Rasulzoda, Özbegistanyň Premýer-ministri Abdulla Aripow, şeýle-de GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew dagy gatnaşdy.

Mejlisiň netijeleri boýunça ýakyn iki ýyl üçin Arkalaşygyň Ýaşlar paýtagty adyny aljak şäherler kesgitlenildi. 2027-nji ýylda Minsk, 2028-nji ýylda bolsa Gazagystanyň Karagandy şäheri ýaşlar paýtagty bolar.

Her iki şäheriň hem ýaşlar bilen işlemekde baý tejribesiniň bardygy bellenildi. Olarda zerur bolan infrastruktura ösdürilipdir we halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy goldanylýar.

GDA-nyň Ýaşlar paýtagty ady ýaşlar başlangyçlaryny hem-de bu ugurdaky halkara özara gatnaşyklary ösdürmek boýunça işjeň zähmet çekýän şäherlere berilýär. Şeýle derejä eýe bolmak, adatça, ýaşlar üçin medeni, bilim we jemgyýetçilik maksatnamalarynyň hem ýerli, hem halkara derejede giňeldilmegine itergi berýär.