Turkmenportal logo
Düýn 17:07
1110411104
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystanyň Premýer-ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Adylbek Kasymaliýewi kabul etdi. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň metbugat gullugy habar berdi. 

Duşuşygyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygy A.Kasymaliýew Türkmenistanyň Prezidentine Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň gün tertibindäki birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary has-da ösdürmäge, şeýle hem energetika we ulag pudaklarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi. 

Ozal habar berşimiz ýaly, Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Aşgabada saparynyň dowamynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.