Fransiýanyň öňki Prezidenti Fransua Olland «Marianne» žurnaly bilen söhbetdeşlikde ýurduň döwlet Baştutanynyň wezipesi üçin göreşmäge taýýarlanýandygyny habar berdi. «Men taýýarlyk görýärin. Prezident saýlawlarynda terezä taryhy ähmiýetli ullakan zat goýulýar. Fransiýa üçin, emma diňe Fransiýa üçinem däl» diýip, Olland nygtady.
Onuň sözlerine görä, häzir dünýä çylşyrymly, Ýewropa hem şeýle, demokratiýa bolsa «howp astynda». Onsoňam, sagçy «Milli birleşik» partiýasy öňdäki saýlawlarda ýeňmek isleýär diýip, Olland pikirlerini paýlaşdy.
Fransua Olland 2012 – 2017-nji ýyllar aralygynda Fransiýanyň Prezidenti boldy. Ol Bäşinji Respublika döwrüniň iň pes goldawly döwlet baştutany hasaplanýar, 2017-nji ýylda möhleti tamamlanmagynyň öňüsyrasy onuň işini goldaýanlaryň sany bary-ýogy 4 göterime deň bolupdyr.