Turkmenportal logo
Düýn 14:23
1146511465
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Onlayn Hyzmat goşundysy aragatnaşyk we abuna tölegleri üçin keşbek toplap berýär

Türkmenistanyň Onlayn Hyzmat goşundysy ulanyjylara ykjam aragatnaşyk we sanly abunalar üçin töleg geçirilende serişdeleriň bir bölegini yzyna gaýtaryp berýär. Toplanan keşbek (puluň belli bir bölegini gaýtaryp berme) hyzmatynyň içinde indiki töleglerde ulanylyp bilner.

Keşbek ulgamy Tmcell balansy doldurylanda, şeýle hem Lexicon bilim platformasynyň, ElKitap audio hyzmatynyň we Hiňlen aýdym-saz striminginiň tölegleri geçirilende işleýär. Bonus (ýeňillik berilýän) serişdeleri ulanyjynyň hasabyna awtomatiki ýagdaýda geçirilýär.

Hyzmat Altyn Asyr, Rysgal we Senagat bank kartalary bilen amallary goldaýar. Interfeýs arkaly Telekom hyzmatlarynyň, AŞTU internet üpjün edijisiniň, Belet Film wideoplatformasynyň we Alem TV telehyzmatynyň töleglerini geçirip bolar. Goşundy hasabyň häzirki ýagdaýyny hakyky wagtda görkezýär.

Goşundy bir profile üç sany TmCell belgisini birikdirmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa ene-atalara çagalarynyň çykdajylaryna gözegçilik etmäge we olaryň hasaplaryny goşmaça hereketsiz doldurmaga şert döredýär.

Işläp düzüjiler goşulan hyzmatlaryň sanawyny giňeltmegi dowam etdirýärler. Goşundyny Android we iOS enjamlary üçin ýükläp almaklyga elýeterlidir.

Onlayn Hyzmat diňe hyzmatlar üçin tölegleri üçin däl-de, eýsem telekeçilik üçin hem mümkinçilikleri hödürleýär. Telekeçiler hyzmatlar ulgamyna goşulyp, müşderilerden töleg kabul edip bilerler, şol sanda QR-kod arkaly tölegler hem amala aşyrylyp bilner. Hyzmat taýýar infrastruktura we goşundynyň ulanyjylarynyň barha ösýän binýadyna elýeterlilik berýär.

Işewürlik hasabyny birikdirmek üçin 101115 telefon belgisine jaň edip, ýüz tutup bolýar.