Turkmenportal logo
22.05.26
1246112461
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tramp 2032-nji ýyla çenli wezipesinde galmak mümkinçiligini aradan aýyrmady
Surat: tass.ru

Donald Tramp ABŞ-nyň Prezidentiniň wezipesinde 2032-nji ýyla çenli galmagynyň mümkindigini aýtdy diýip, TASS habar berdi.

«Men bärde 28-de (2028-nji ýylda – TASS-yň belligi) hem bolaryn, mümkin, 32-de (2032-nji ýylda) hem bolaýsam gerek» diýip, amerikan lideri Konnektikut ştatynda ABŞ-nyň Kenar goragy akademiýasynyň uçurymlary bilen duşuşykda eden çykyşynda aýtdy. Kanun boýunça Trampyň wezipedäki möhleti 2029-njy ýylyň ýanwarynda tamamlanmaly.

1951-nji ýylda ABŞ-nyň Konstitusiýasyna girizilen 22-nji düzediş Prezidentiň wezipesinde saklanmagyny iki möhlet bilen çäklendirýär. Emma muňa garamazdan, häzirki döwlet Baştutany üçünji möhlete saýlanmak mümkinçiligi barada öňem az aýtmady. Galyberse-de, şeýle mümkinçilik hakynda geçen güýzde Trampyň öňki esasy syýasy geňeşçisi Stiw Bennon hem aýdypdy.