25-28-nji maý aralygynda Täjigistanyň paýtagtynda «Durnukly ösüş üçin suw» atly 2018-2028-nji ýyllar üçin hereketleriň Halkara onýyllygyna bagyşlanan dördünji halkara maslahat geçiriler. Çäre Täjigistanyň Hökümetiniň başlangyjynyň— Duşenbe suw prosesiniň çäklerinde guralar. Bu maslahat her iki ýyldan Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda geçirilýär diýip, «Azertaj» habarlar gullugy ýazýar.
Öňde duran maslahatyň esasy wezipesi BMG-niň Suw gorlary boýunça maslahatynyň Hereketleriň suw gün tertibinde bellenen meýletin wezipelerini durmuşa geçirmekde köpçülikleýin tagallalary işjeňleşdirmekden, 2030-njy ýyla çenli Durnukly Ösüş maksatlaryna ýetmekdäki işleri çaltlandyrmakdan we täze hyzmatdaşlyklary goldamakdan ybaratdyr.
Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin halkara jemgyýetçilige ýüzlenmesinde suwuň diňe bir tebigy baýlyk däl-de, eýsem, adamlary, ykdysadyýeti, azyk, energetika, saglygy goraýyş ulgamlaryny we abadançylygy baglanyşdyrýan ýaşaýyş çeşmesidigini belledi.