Turkmenportal logo
Düýn 10:17
75377537
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ilçisi bilen Rumyniýanyň DIM-iniň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A.Annaýew bu ýurduň daşary işler ministri Oana-Silwiýa Soýu bilen duşuşyp, hyzmatdaşlygyň giň ugurlary boýunça gepleşikleri geçirdi.

Taraplar türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşyp, hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Duşuşygyň dowamynda ulag-üstaşyr ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, parlamentara dialogy ösdürmek hem-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek meselelerine garaldy.

Diplomatlar medeni-ynsanperwer hem-de bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, duşuşygyň jemleri boýunça taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljekde-de pugtalandyryljagyna ynam bildirdiler.