Turkmenportal logo
Şu gün 11:31
33023302
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Ženewada geçirilen parlamentara forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili 20-nji maýda Ženewada Parlamentara Bileleşigine agza döwletleriň parlamentleri tarapyndan guralan «Borçnamalary iş ýüzüne geçirmek: Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň pandemiýa boýunça Ylalaşygyny durmuşa geçirmekde we saglygy goraýşy maliýeleşdirmekde parlament ýolbaşçylygyny ösdürmek» atly Parlamentara forumyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, forumyň esasy maksady — durnukly dialogy ýola goýmak, tejribe alyşmak hem-de saglygy goraýyş ulgamyndaky umumy borçnamalary milli derejedäki anyk çäreler bilen utgaşdyrmakdan ybarat boldy.

Forumyň dowamynda gatnaşyjylar täze şertlerde saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şeýle hem tejribe alyşmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek maksady bilen, bu ugurda döwlet goldawynyň hem-de kanunçylyk binýadynyň möhümdigine aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da, sagdyn durmuş ýörelgesini ählumumy derejede durnukly ösdürmek, ilatyň saglygyny goramak we oňa abanýan howplary aradan aýyrmak, halkara derejede saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek ýaly wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.