Daşoguz döwlet elektrik stansiýasynda 2026-njy ýylyň başyndan bäri ösüş depgini 347,8 göterime ýetirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, 2026-njy ýylyň maý aýyna çenli stansiýada 617 million 130 müň kilowat sagat elektrik energiýasy öndürildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 479 million 316 müň kilowat sagat elektrik energiýasynyň artyk öndürilendigini görkezýär.
Welaýatyň energetikleri ýyllyk meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirip, sarp edijileri elektrik energiýasy bilen talabalaýyk üpjün etmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.