Turkmenportal logo
Şu gün 11:01
34953495
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lebap we­la­ýa­ty­nyň ýü­pek­çi­le­ri pile tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler

Lebap we­la­ýa­ty­nyň ýü­pek­çi­le­ri 2026-njy ýylda 1010 ton­na­dan gow­rak pi­le tab­şy­ryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Şu ýyl we­la­ýa­tyň ýü­pek­çi­le­ri­ne 27 müň 656 gu­ty gur­çuk to­hu­my paý­la­ny­lyp be­ril­di. Şon­ça to­hum­dan me­ýil­na­ma bo­ýun­ça 1010 ton­na pi­le ön­dür­mek üçin ýü­pek­çi ho­ja­lyk­la­ryň 22 müň 709-sy bi­len şert­na­ma bag­la­şyl­dy. Ýü­pek gur­çuk­la­ry ag­ro­teh­ni­ka­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da do­ly we dog­ry ide­dil­di.

Habarda bellenilişi ýaly, ga­za­ny­lan zäh­met ýeň­şin­de aý­ry-aý­ry et­rap­la­ryň ýü­pek­çi kä­ren­de­çi­le­ri­niň go­şan­dy aý­ra­tyn bel­le­nil­mä­ge my­na­syp­dyr. Bu ba­bat­da iň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji Çär­jew et­ra­by­nyň ýü­pek­çi­le­ri­ne de­giş­li. Olar 173 ton­na­dan gow­rak ýo­ka­ry hil­li pi­le ýygna­ma­gyň höt­de­sin­den gel­di­ler.

Dä­new et­ra­by­nyň ýü­pek­çi kä­ren­de­çi­le­ri Wa­tan har­ma­ny­na 140 ton­na­dan gow­rak, Ha­laç et­ra­by­nyň ýü­pek­çi­le­ri 146 ton­na­dan gow­rak, Sa­ýat et­ra­by­nyň pi­le­çi­le­ri bol­sa 132 ton­na­dan gow­rak gym­mat­ly çig mal tab­şyr­dy­lar.