Turkmenportal logo
Şu gün 09:27
23672367
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda «Artyk» we «Garabogaz» gümrük nokatlary döwrebaplaşdyryldy

Türkmenistanda «Garabogaz» we «Artyk» gümrük nokatlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler tamamlandy. Indi olar halkara standartlaryna doly laýyk gelýär diýlip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berilýär.

Gümrük nokatlarynyň çägi giňeldildi, geçirijilik kuwwaty bolsa birnäçe esse artdyryldy. Mundan başga-da, birnäçe durmuş we tehniki maksatly desgalar gurlup, köne binalaryň durky düýpli täzelendi.

Bu ýerde serhedi kesip geçýän ulag serişdelerine we ýüklere gysga wagtda hem-de ygtybarly gümrük gözegçiliginiň guralmagy üçin iň amatly şertler döredildi. Has takygy, indi olarda ähli gümrük amallary sanly usulda amala aşyrylýar.

Ýeri gelende ýatladyp geçsek, halkara guramalaryň maglumatlaryna laýyklykda, Türkmenistanda gümrük gözegçiligini amala aşyrmak üçin sarp edilýän wagt Merkezi Aziýa sebitinde iň gysga wagt hökmünde hasaba alyndy.

Ýurduň daşary söwda haryt dolanyşygynda hem-de üstaşyr ýükleriň geçirilmeginde «Artyk» we «Garabogaz» gümrük nokatlarynyň ähmiýeti uly hasaplanylýar. Şoňa görä-de, döwrebaplaşdyrylan bu gümrük nokatlary halkara ulag geçelgeleri boýunça ýurduň çäginden geçýän awtoulag serişdeleriniň ýük geçirijiliginiň çaltlandyrylmagyna, multimodal ulag geçelgeleriniň geçirijilik ukybynyň has-da ýokarlanmagyna uly itergi berýär diýlip, habarda bellenilýär.