Turkmenportal logo
Düýn 22:43
70537053
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Si Szinpin Aşgabada sapar bilen geler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Türkmenistana sapar bilen gelmäge çakylyk hatyny ugratdy. Munuň özi türkmen-hytaý gatnaşyklarynda täze sahypany açmak bilen, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna badalga berer.

TDH-niň habar berşi ýaly, Hytaýyň Başlygy Si Szinpin hem, öz gezeginde, Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylyk hatyny kabul edip,  jogap hatyny iberdi. Bu hatda şeýle bellenilýar:

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Siziň iberen çakylyk hatyňyzy aldym.

Siz uzak wagtyň dowamynda hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda tagalla edýärsiňiz, iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlugyň dowam etdirilmegine ägirt uly goşant goşýarsyňyz hem-de dürli möhüm ugurlarda özara hyzmatdaşlyga ýardam edýärsiňiz, men muňa ýokary baha berýärin.

Men hytaý-türkmen hemmetaraplaýyn gatnaşyklarynyň strategik hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilmegine uly ähmiýet berýärin we Siziň bilen ýakyn gatnaşyklary saklamaga taýýardyryn. Türkmenistana gelip görmäge çakylygyňyz üçin Size hoşallygymy beýan edýärin, iki tarap üçin hem amatly bolan wagtda ýurduňyza sapar bilen gelmäge taýýardyryn. Iki ýurduň daşary işler ministrlikleri bu mesele boýunça ýakyn aragatnaşykda bolup bilerler.

Siz öz hatyňyzda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde birnäçe iri taslamalary ýatlap geçdiňiz. Hytaý tarapy iki ýurduň arasynda dürli ugurlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyny yzygiderli goldaýar. Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça komitet degişli başlangyçlary düýpli öwrenip, degişli şertlerde durmuşa geçirip biler. Hytaý tarapy Türkmenistan bilen bilelikde hyzmatdaşlygyň täze aýdyň nusgalaryny döretmek we Hytaý-Türkmenistan bitewi ykbal bileleşiginiň mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmak ugrunda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Dostlukly türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk, parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

 Si Szinpin,

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.