Turkmenportal logo
Düýn 17:42
98859885
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň DIM-inde BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Türkmenistanda işleýän BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, hususan-da, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) we Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. 

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan bilelikdäki çäreleriň geçirilmeginiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanda ösüp gelýän nesil barada döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn alada edilýändigi aýratyn nygtaldy.