Turkmenportal logo
Düýn 17:18
1018410184
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
"Belet" Ýewropanyň kuboklarynyň finallaryny we Russiýanyň Kubogynyň Superfinalyny göni ýaýlymda görkezer

"Belet" Türkmenistanda UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň, Konferensiýalar ligasynyň we Çempionlar ligasynyň finallaryny, şeýle hem Russiýanyň futbol boýunça Kubogynyň Superfinalyny göni ýaýlymda görkezer. Bu barada platformanyň metbugat gullugy habar berdi.

Göni ýaýlymlar «Premium» abunasy arkaly elýeterli bolar.

20-nji maýda Stambuldaky Tüpraş Stadium stadionynda UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň finaly geçiriler. Final duşuşygynda Germaniýanyň «Fraýburg» topary bilen Angliýanyň «Aston Willa» topary duşuşar. Oýnuň başlanjak wagty — 23:55.

Futbol boýunça Russiýanyň Kubogynyň Superfinaly 24-nji maýda Moskwadaky «Lužniki» stadionynda geçiriler. Duşuşykda Moskwanyň «Spartak» kluby bilen «Krasnodar» topary güýç synanyşarlar. Oýun 20:00-da başlanar.

UEFA-nyň Konferensiýalar ligasynyň finaly 27-nji maý, çarşenbe güni geçiriler. Aýgytlaýjy duşuşykda Angliýanyň «Kristal Pelas» topary bilen Ispaniýanyň «Raýo Walýekano» topary duşuşar. Oýnuň başlanjak wagty — 23:55.

30-njy maýda UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň finalynda Londonyň «Arsenal» topary bilen Fransiýanyň «PSŽ» topary oýnar. Duşuşyk Budapeşt şäherinde geçiriler we ol 21:00-da başlanar.