Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan mekdep okuwçylarynyň arasynda IT, robototehnika we sanly ulgamlar boýunça «Sanly geljek — 2026» atly bäsleşik geçirilýär.
Bäsleşik «Smart City» (Akylly şäher): Şäher düzümini awtomatlaşdyrýan robotlar we IoT (Internet of Things) ulgamlary, «EduTech & Mobile»: Bilim ulgamy üçin mobil goşundylar we öwrediji platformalar hem-de «Eco-Tech»: Ekologiýa we «ýaşyl» ykdysadyýet üçin sanly çözgütler ýaly ugurlarda geçiriler.
Dalaşgärler öz taslamalaryny 2026-njy ýylyň 2-nji iýunyna çenli tbmmekbol@gmail.com we tstp.ashgabat22@gmail.com salgylara tabşyrmalydyr.
Her gatnaşyjy diňe bir taslama bilen gatnaşyp biler.
Habarlaşmak üçin:
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mekdep bölümi we TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölümi: Telefon belgileri: 22-74-07, 22-70-38, 44-86-85.
E-mail: tbmmekbol@gmail.com we tstp.ashgabat22@gmail.com