Turkmenportal logo
Şu gün 12:45
40604060
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Garagum» HJ-i Ženewadaky sergide lukmançylyk önümlerini tanyşdyrdy

Merkezi Aziýada dokalmaýan materiallary öndürýän öňdebaryjy kärhanalaryň biri bolan «Garagum» hojalyk jemgyýeti («Garagum» HJ) Ženewada geçirilýän INDEX 2026 halkara sergisinde öz önümlerini görkezýär. «Arkadag Medical Cluster» brendi bilen hödürlenýän, lukmançylyk we derman senagaty üçin niýetlenen önümleriň toplumy sergä gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çekýär.

Türkmen kärhanasy INDEX sergiler tapgyryna ikinji gezek gatnaşýar — mundan öň «Garagum» öz işläp taýýarlamalaryny INDEX™23 sergisinde hödürläpdi. Dokalmaýan materiallar senagatynyň dünýäde iň iri meýdançalarynyň birine gatnaşmagy öndürijiniň halkara derejesindäki ornunyň barha artýandygyny görkezýär.

Häzirki wagtda bu hojalyk jemgyýeti öz önümlerini Braziliýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa we Rumyniýa ýaly 15-den gowrak döwlete eksport edýär. «Garagum» HJ lukmançylyk, gigiýena, senagat hem-de gaplama pudaklary üçin çözgütleri öndürmäge ýöriteleşendir.

Kärhana dört sany halkara ISO şahadatnamasyna eýedir, şolaryň hatarynda lukmançylyk önümleriniň hil dolandyryş ulgamlary boýunça ISO 13485 şahadatnamasy hem bar. Şeýle-de «Garagum» kompaniýasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan berlen lukmançylyk önümlerini öndürmek boýunça resmi ygtyýarnama eýedir.

2022-nji ýyldan bäri hojalyk jemgyýeti dokalmaýan materiallary öndürijileri we degişli pudaklary birleşdirýän dünýäniň öňdebaryjy EDANA assosiasiýasynyň agzasydyr.

INDEX 2026 sergisine gatnaşmak Türkmenistanyň senagat taýdan depginli ösüşini, şeýle hem «Garagum» HJ-niň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny we eksport bazarlaryny giňeltmäge bolan ymtylyşyny aýdyň görkezýär.