Turkmenportal logo
Düýn 12:36
93469346
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Russiýa gadymy Margiananyň ýadygärliklerine bagyşlanan bilelikdäki sergini geçirer

Aşgabat bilen Moskwa gadymy Margiananyň ýadygärlikleriniň açylyşyna bagyşlanan bilelikdäki sergileri guramak baradaky başlangyjy işläp taýýarlaýar. Bu barada Russiýanyň ilçisi Iwan Wolynkin «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde çap edilen makalasynda habar berdi.

Diplomatyň sözlerine görä, häzirki wagtda iki ýurduň sergi meýdançalarynda gadymy Margiananyň ýadygärlikleriniň açylyşyna bagyşlanan sergini guramak boýunça Russiýanyň başlangyjy ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu açyş soňky ýüz ýylda dünýä arheologiýasynyň iň uly wakalarynyň biri hökmünde ykrar edilýär.

Onuň sözlerine görä, Russiýada serginiň geçirilmegi üçin deslapky meýilnama boýunça A. S.  Puşkin adyndaky Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýi saýlanyp alyndy.

Ilçiniň belleýşi ýaly, Margiananyň ýadygärlikleriniň açylmagy soňky ýüz ýylyň dowamynda dünýä arheologiýasynyň iň möhüm wakalarynyň biri boldy. Serginiň esasy bölegi miladydan öňki 2300–1500-nji ýyllarda möwç alan gadymy Margiana döwletiniň iň iri şäherçesi bolan Goňurdepä degişli tapyndylardan ybarat bolar.

Bilelikde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan on müňlerçe gymmatly eksponatlar häzirki wagtda Türkmenistanyň birnäçe muzeýinde, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde we Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde saklanylýar. Eksponatlaryň hatarynda ýokary çeperçilik usulynda taýýarlanan altyn-kümüş şaý-sepler, daşdan, süňkden we bürünçden ýasalan dürli maksatly önümler bar.

Wolynkin şeýle hem Russiýa bilen Türkmenistanyň arheologiýa ugrundaky hyzmatdaşlygynyň ýarym asyrdan gowrak taryhynyň bardygyny nygtady. Şol ýyllaryň dowamynda iki ýurduň alymlary Goňurdepe şäherçesinde, irki ekerançylyk merkezi bolan Ýylgynlydepe ýadygärliginde we Köne Nusaýyň taryhy desgalarynda giň gerimli gazuw-agtaryş işlerini geçirdiler.

Barlagçylaryň netijesine görä, Margiana Mesopotamiýa, Müsür, Hytaý we Hindistan bilen bir hatarda dünýä siwilizasiýasynyň esasy merkezleriniň biri hasaplanýar.