Turkmenportal logo
Düýn 12:34
91409140
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we ABŞ amerikan işewür wekiliýetiniň Aşgabada saparyna taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we ABŞ amerikan işewür wekiliýetiniň Aşgabada guraljak saparyna taýýarlyk görýärler. Bu mesele Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçisi Esen Aýdogdyýewiň «ABŞ – Türkmenistan» Işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart we Geňeşiň agzasy bolan kompaniýalaryň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçihanasy habar berdi 

Gepleşikleriň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag, oba hojalygy, energetika we senagat ulgamlarynda, şeýle hem hususy pudakda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi bilen bagly meselelere garadylar.

Ilçi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurduň ykdysady ileri tutýan ugurlary barada maglumat berdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň arasynda göni işewürlik gatnaşyklaryny berkitmekde «ABŞ – Türkmenistan» Işewürlik geňeşiniň möhüm ornuny aýratyn bellediler.