Wengriýanyň Prezidenti Tamaş Şuýok ýurduň Premýer-ministri Peter Madýaryň 31-nji maýda öz wezipesini terk etmek baradaky talabyny berjaý etmekden ýüz öwürdi. Bu barada «Index» neşirine salgylanýan «Belta.by» habar berdi.
«Häzirki wagtda meniň işden gitmegimi aklaýan hiç hili ýuridik we konstitusion esaslar ýok. Men Baş Kanuny we konstitusion tertibi berjaý etmäge kasam etdim we öz kasamyma wepaly bolup galýaryn» diýip, Tamaş Şuýok aýtdy.
Wenger kanunçylygyna laýyklykda, Prezident parlament tarapyndan bäş ýyl möhlete saýlanýar.
Şuýok Prezident wezipesine 2024-nji ýylda saýlandy. Wengriýada onuň goragyna gol ýygnamak başlandy. Şuýogy goldap, öňki Premýer-ministr Wiktor Orban we onuň partiýasy hem goşuldy. Olaryň pikirine görä, täze Premýeriň talaby ýurduň Konstitusiýasyna ters gelýär.