Turkmenportal logo
Düýn 11:42
70607060
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda sanly ykdysadyýet ulgamyndaky kanunçylyk kämilleşdirilýär

Türkmenistanyň Mejlisi sanly ykdysadyýet ulgamynda kanunçylyk binýadyny yzygiderli kämilleşdirýär. Bu barada Aşgabatda geçirilen Jenaýatçylyklyk ýol bilen alnan girdejileriniň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparyna agza döwletleriň parlamentarileriniň V forumynda çykyş eden Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy Batyr Baýlyýew mälim etdi.

Onuň sözlerine görä, geçen ýyl ýurtda sanly aktiwleriň döredilmegini we dolanyşygyny düzgünleşdirýän «Wirtual aktivler hakynda» kanun kabul edildi. Bu resminama täze pudagy – sanly maliýe bazaryny, şol sanda wirtual aktiwleriň biržasyny kemala getirýär we ýurtda IT medeniýetiniň ösüşini çaltlandyrmaga gönükdirilendir.

Şol bir wagtda, emeli aňyň, bulut tehnologiýalarynyň we elektron hökümet ulgamyndaky çözgütleriň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýan Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin konsepsiýasy tassyklanyldy. Şu ýylyň aprel aýynda bolsa Administratiw hukuk bozulmalary baradaky kodekse maglumat tehnologiýalaryny ulanmak arkaly edilýän hukuk bozulmalary üçin görülýän temmi çärelerini takyklaşdyrýan üýtgetmeler we goşmaçalar kabul edildi.

Şeýle-de B.Baýlyýew kiberhowpsuzlyk hakyndaky kanunyň ýurduň kibergiňişlikdäki milli bähbitleriniň goralmagyny üpjün edýändigini we kiberhowplara garşy hereket etmekde halkara hyzmatdaşlyk üçin esas döredýändigini belledi.

Forum Aşgabatda geçirilen ÝAT-nyň 44-nji umumy hepdeliginiň çäklerinde guraldy. Bu gurama Belarus, Hytaý, Hindistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan girýär.