ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp öz sosial torunda gumanoid bilen bilelikdäki fotosuratyny ýerleşdirdi. Onda Ak tamyň başlygy harby bazanyň çäginde howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň goragynda elleri daňyly başga planetaly bilen ýöräp barýar.
Amerikalylar döwlet Baştutanynyň nämäni göz öňünde tutýandygyny biljek bolup jan edýärler. Internet ulanyjylaryň biri öz pikirini şeýle beýan edýär: «Boýnuma alaýyn, ilkibaşda men bu galpdyr öýtdüm. Soňra «Truth Social» toruna barlamak üçin girdim welin, biziň Prezidentimiz bu suraty, hakykatdanam, öz sahypasynda çap eden ekeni. Biz iň geň döwürde ýaşaýarys».