Birleşen Arap Emirliklerinden halal sertifikatlaşdyrmak boýunça halkara bilermeni Majit Sahil kärhanada geçirilen auditiň netijeleri boýunça «Täze aý» kompaniýasynda önümçiligiň we hil gözegçiliginiň derejesine ýokary baha berdi. Hünär işiniň 15 ýylynyň dowamynda 73 döwlete sapar eden bilermen türkmen öndürijileriniň halal senagatynyň halkara talaplaryny we standartlaryny berjaý etmäge çynlakaý çemeleşýändigini belledi.

Saparyň dowamynda Health and Nutrition Technical Manager kärhanalaryň işini, önümçilik standartlaryny we halal talaplaryna laýyklyk gözegçilik ulgamyny öwrendi. Majit Sahiliň sözlerine görä, onuň Beýik Britaniýada, Müsürde, Singapurda, Günorta Afrikada we beýleki ýurtlarda toplan tejribesi dünýäniň dürli sebitlerinde pudagyň ösüş derejesine çynlakaý baha bermäge mümkinçilik berýär.

«Öndürijileriň we hökümetleriň bu ugurdaky jogapkärçilikli çemeleşmesi iň ýokary baha mynasypdyr. Bu aýratyn-da Türkmenistanda aýdyň görünýär. Men bu ýerde işe nähili çynlakaý çemeleşilýändigine göz ýetirdim» — diýip, bilermen belledi.
Bilermen dünýäde halal önümlerine bolan islegiň artmagynyň hil gözegçiliginiň güýçlendirilmegine we halkara standartlarynyň ornaşdyrylmagyna itergi berýändigini nygtady. Onuň pikirine görä, Türkmenistan önümçilikde ýokary jogapkärçiligi görkezýär we bu milli önümleri halkara bazarlarynda ilerletmek üçin hakyky mümkinçilikleri döredýär.