Turkmenportal logo
Düýn 10:44
90459045
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýa Hytaýyň Hazar deňziniň ýakasy boýunça ýoluň gurluşygyna we maliýeleşdirilmegine gatnaşmagyny isleýär
Surat: dzen.ru

Rus tarapy Hytaýyň Hazar deňziniň kenary boýunça Owganystana, Eýrana we Pakistana çykýan awtoulag ýolunyň gurluşygyna we maliýeleşdirilmegine gatnaşmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşýar. Bu barada «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» forumynda Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Marat Husnullin habar berdi diýip, «rg.ru» ýazýar.

«Biz Hazar deňziniň ýakasy boýunça – Russiýa, Gazagystan, Türkmenistan we Owganystana hem Pakistana çykmak bilen, Eýran gündogar awtoulag geçelgesini döretmek meselesine içgin garaýarys. Forumyň çäklerinde hytaýly kärdeşlerimiz bilen olaryň diňe bu ýoluň gurluşygyna gatnaşmagyny däl, eýsem, maýa çekmek mümkinçiligini hem ara alyp maslahatlaşdyk» diýip, Husnullin žurnalistler bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi.

Ýolbaşçy bu iri taslama dürli maýa goýum çeşmeleriniň, şol sanda býujetden daşary serişdeleri çekmegiň meýilleşdirilýändigini nygtady.