Turkmenportal logo
Şu gün 10:05
20822082
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arsenal» 22 ýyldan soň ilkinji gezek Angliýanyň çempiony boldy

Londonyň «Arsenal» topary, 22 ýyldan soň, 2025/26 möwsüminiň Premýer-ligasynyň çempiony boldy. Klub soňky sapar 2003/04 möwsüminde, Arsen Wengeriň ýolbaşçylygyndaky toparyň ähli çempionaty ýeňlişsiz tamamlan meşhur döwründe, Angliýanyň iň güýçli topary bolupdy.

«Arsenalyň» çempionlygy 37-nji tapgyrda, 19-njy maýa geçilýän gije resmi taýdan tassyklandy. 18-nji maýdan 19-njy maýa geçilen gije «Arsenal» «Býornlini» 1:0 hasabynda ýeňdi. 19-njy maýda sagat 23:30-da bolsa, çempionlyk ugrunda nazary taýdan göreşip bilýän ýeke-täk topar bolan «Mançester Siti» bilen «Bornmut» topary duşuşdy we 1:1 hasabyndaky deňlik bilen oýny tamamlady. Hut şol deňme-deňlik möwsümiň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda londonlylaryň çempionlygyny resmi taýdan üpjün etdi.

Häzirki wagtda 37 tapgyrdan soň «Arsenal» 82 utuk bilen ýaryş tertibiniň başynda barýar. Ikinji orunda 78 utuk bilen «Mançester Siti», üçünji ýerde bolsa 68 utuk bilen «Mançester Ýunaýted» ýerleşýär. Çempionatyň jemleýji — 38-nji tapgyry 24-nji maýda geçiriler.