Turkmenportal logo
Düýn 09:40
73917391
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Guwlyduz» kärhanasynda 33 müň tonnadan gowrak duz gazlyp alyndy

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Guwlymaýak şäherçesindäki nahar duzuny öndürýän «Guwlyduz» kärhanasynyň çykarýan nahar duzy uly islegden peýdalanylýar.

«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, 2026-njy ýylyň geçen hasabat döwründe gazlyp alynan duzuň mukdary 33 müň 232 tonnadan gowrak boldy. Bu bolsa degişli meýilnamanyň 103,8 göterim berjaý edilendigini görkezýär. Şeýle hem balkanly duzçular şu ýylyň başyndan bäri däneli duzuň meýilnamada görkezilen 28 müň 440 tonnasyna derek 29 müň 540 tonnasyny öndürip, meýilnamany 103,9 göterim ýerine ýetirdiler.

Kärhana boýunça geçen hasabat döwründe gaplanan nahar duzuny öndürmekde hem uly sepgitlere ýetildi. 2026-njy ýylyň başyndan bäri 8 müň 282 tonnadan gowrak nahar duzy öndürildi. Netijede, bu babatdaky meýilnamanyň berjaý edilişi 102 göterime deň boldy.