Gyrgyzystan Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşine saýlansa, öňüni alyň diplomatiýasynyň hem-de araçyllyk gurallarynyň ornunyň güýçlendirilmegine üns berer. Bu barada Respublikanyň Prezidenti Sadyr Žaparow gürrüň berdi diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.
«Biziň ileri tutýan ugurlarymyz: öňüni alyş diplomatiýasynyň ornunyň güýçlendirilmegi; araçyllyk gurallarynyň ösdürilmegi; ýadro ýaragyny ýaýratmazlygy we ýaragsyzlandyrylmagy öňe sürmek; klimat we howpsuzlyk bilen arabaglanyşygy institutlaşdyrmak» diýlip, Žaparowyň BMG-ä agza döwletleriň liderlerine ýüzlenmesinde nygtalýar. Ýüzlenme ýekşenbede gyrgyz lideriniň metbugat gullugy tarapyndan ýaýradyldy.