Aşgabatda ýakyn wagtda BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) edarasy açylyp biler.
«Trend» agentliginiň habar bermegine görä, bu barada BMG-Habitatyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin edarasynyň direktory Irfan Ali Bütindünýä şäherler forumynyň çäklerindäki Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa forumynyň dowamynda mälim etdi.
«Häzirki wagtda biziň edaramyz Gündogar Ýewropanyň, Günorta Ýewropanyň, Günbatar Balkanyň, Kawkazyň we Merkezi Aziýanyň ýurtlaryny, Türkiýäni, Russiýany jemi 25 döwletini öz içine alýar. Häzirki wagtda Sebitleýin edara BMG-niň beýleki agentlikleri bilen birlikde Stambulda ýerleşýär. Biziň eýýäm dört sany ýurtda edaramyzy açmak boýunça maksatnamamyz bar — Kiýewde, Moskwada, Kosowoda we Bakuwda. Gaty ýakyn wagtda Aşgabatda, Türkmenistanda hem taslama edaramyzyň açyljakdygyna umyt edýärin» - diýip, ol belledi.
Ýeri gelende bellesek, mundan ozal Türkmenistanyň Bütindünýä şäherler forumyna gatnaşýandygyny habar beripdik.