80-den gowrak adam Kongo Demokratik Respublikasynyň demirgazyk-gündgaryndaky Ituri ülkesinde Ebola ýokanjynyň möwjemesi sebäpli gurban boldy. Bu barada ýerli «Okapi» radioýaýlymyna salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi.
Radioýaýlym ýurduň Bunia we Mongwalu şäheriniň arasyndaky etrapda Ebola ýokanjynyň döredýän keselinden habarsyzlyk netijesinde 80-den gowrak adamyň aradan çykandygyny habar berdi. Habarda sebitiň ýerli ilatynyň we myhmanlarynyň öňüni alyş çärelerini berjaý etmeýändikleri, ýagny agyz-burun örtüklerini peýdalanmaýandyklary hem-de arassaçylyk çärelerini geçirmeýändikleri sebäpli kesel ýokuşanlaryň artýandygyndan nägilelik bildirilýär.
Öň Bütindünýa Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasyndaky we Ugandadaky Ebola ýokanjynyň möwjemesi bilen bagly ýagdaýy adatdan daşary we beýleki döwletler üçin howply diýip yglan edipdi.