Türkmenistan elektrik energiýasyny eksport etmek üçin Hazar deňziniň düýbünden energiýa kabelini çekmek taslamasyna gatnaşmak mümkinçiligini öwrenýär.
Bu barada Bütindünýä şäherler forumynyň 13-nji mejlisine gatnaşýan Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň ýanyndaky «Türkmenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň daşary ykdysady aragatnaşyklar we eksport bölüminiň hünärmeni Abdyrahman Jelilowyň sözlerine salgylanyp, «Report» habar berdi.
A.Jelilowyň bellemegine görä, Türkmenistan bir wagtda Türkmenbaşyda kuwwaty 1574 MW bolan elektrik stansiýasynyň gurluşygyny alyp barýar we geljekde bu stansiýa eksport üpjünçiligi üçin esasy energiýa çeşmesine öwrülip biler.
«Biz Hazar deňziniň düýbünden kabel çekmek meselesini öwrenýäris. Şol bir wagtyň özünde Türkmenbaşyda kuwwaty 1574 MW bolan elektrik stansiýasy gurulýar. Ol gurlandan soň, bu stansiýa arkaly hem-de Hazar deňziniň astyndan kabel bilen Azerbaýjana elektrik energiýasyny eksport edip bileris ýa-da ondan soň beýleki ýurtlara hem ugradyp bolar» – diýip ol belledi.
A.Jelilow bu meseläniň Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hökümetara toparyň çäginde yzygiderli ara alnyp maslahatlaşylýandygyny, ýöne entek gutarnykly çözgüdiň kabul edilmändigini belledi.
«Türkmenergonyň» wekiliň sözlerine görä, taslama ähli gatnaşyjylar üçin ykdysady taýdan peýdaly bolup biler. Azerbaýjan bolsa elektrik energiýasyny beýleki döwletlere ugradýan möhüm üstaşyr ýurt hasaplanýar.