Russiýanyň Ermitaž muzeýine baran adam Georgiýew zalyndaky Uly patyşa tagtyna münüp oturandygy üçin saklandy. Erkek kişi taryhy eksponata ýüp germewden geçip münüpdir. Bu barada «MIR 24» gürrüň berýär.
Muzeýiň işgäri oňa bellik edipdir, emma düzgüni bozujy gaharly jogap beripdir. Onsoňam, ol ýany bilen getiren kagyzlara ýazylanlary gaty gygyryp okamaga başlapdyr. Howpsuzlyk gullugynyň işgärleri Russiýanyň gwardiýaçylary bilen bilelikde, garşylyk bildirmegine garamazdan, erkek kişini saklapdyrlar. Deslapky habara görä, kanuny bozanyň ýanynda iki sany pyçak hem bar ekeni. Ony polisiýa bölümine eltipdirler.