Smartfornlaryň we sosial torlaryň ýaýramagy ählumumy çaga dogluşyň pese gaçmagy bilen bagly bolup biler diýip, «Financial Times» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
BMG-niň 2024-nji ýyldaky nutugyna görä, dünýä ýurtlarynyň ýarysyndan köpüsinde çag dogluşy zenan başyna 2,1 görkezijiden pese gaçdy we bu ilatyň migrasiýany hasaba almazdan, durnukly saklanmagy üçin zerur görkezijiden pesdir. Çeşmäniň maglumatlaryna laýyklykda, häzir bu görkezijiden pes çaga dogluşy eýýäm 195 ýurduň üçden ikisinde hasaba alynýar, 66 döwletde bolsa, çaga dogluşy zenan başyna bir çagadan düşýär. Ösen ýurtlarda pes çaga dogluşy eýýäm onýyllyklardyr hasaba alynýar, soňky onýyllykda bolsa, ýagdaý has-da çylşyrymly.
Sinsinnati uniwersitetiniň alymlary ABŞ-da, Angliýada we Uelsde 4G ykjam aragatnaşygyň hemmelerden öň peýda bolan etraplarynda çaga dogluşyň güýçli azalandygyny anykladylar. Hünärmenler smartfonlaryň ýaýramagy netijesinde dogluşyň peselmegini iki sebäp boýunça kesgitleýärler: ýaşlaryň arasynda şahsy duşuşyklaryň kemelmegi hem-de sosial torlaryň täsiri bilen döreýän jübütleriň birek-birekden garaşýan artykmaçlyklarynyň ýokary bolmagy diýip, ady agzalan neşir ýazýar.