Fransiýa kino sungatynda emeli aň tarapyndan döredilen taslamalara goldaw bermez. Bu barada ýurduň medeniýet ministri Katrin Pegar habar berdi diýip, «ria.ru» ýazýar.
Ministriň sözlerine görä, emeli aňy kino önümçiligini çaltlandyrmakda we ýeňilleşdirmekde gural hökmünde peýdalanyp bolar. Emma ol adamy bu işde doly çalyşmaly däldir, sebäbi sungat eseri adamyň görşüni, meýillerini we duýgularyny aňladyşynyň beýanydyr.
Pegar şeýle hem golaý wagtda Fransiýanyň Milli kino we multiplikasiýa merkeziniň (CNC) ýeňillikli maliýe serişdelerini bölüp bermek boýunça düzgünleri üýtgetjekdigini, ýagny awtory bolmadyk kino eserlerine maliýe goldawynyň berilmejekdigini habar berdi. Fransiýanyň medeniýet ministri şeýle düzgünleriň başga dillerde seslendirmek (dublýaž) boýunça hem giriziljekdigini sözüniň üstüne goşdy.