Turkmenportal logo
Düýn 22:45
22002200
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideri Patyşa Karl III bilen duşuşdy

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Patyşa maşgalasynyň çakylygy boýunça Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna sapary amala aşyrdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy saparynyň dowamynda ýokary derejedäki duşuşyklary we gepleşikleri geçirdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri saparynyň barşynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Winzal galasyna bardy. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedowy Winzal Patyşalyk atçylyk çykyşlarynyň guramaçylyk toparynyň ýolbaşçysy Edward Benýon we Winzalyň guramaçylyk işleri boýunça wekili Sarah Rutherford Jorj mähirli garşyladylar. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III bilen duşuşdy. Patyşa türkmen halkynyň Milli Liderini aýratyn hormat bolen garşylady. Karl III 2015-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Çanakkale ýadygärlikler toplumynda geçirilen çärelerde duşuşandygyny ýatlady we şol duşuşygyň özünde ýatdan çykmajak täsirler galdyrandygyny belledi. Şeýle hem ol türkmen halkynyň Milli Lideriniň dünýäde uly abraý gazanan meşhur syýasatşynas Arkadag hökmünde tanalýandygyny aýdyp, halkara giňişliginde abraýyň eýesi bolan Lider bilen duşuşmagyň özi üçin belent mertebedigini nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň iberen mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy bu günki çärä Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti O.Atabaýewanyň gatnaşmagynyň britan halkyna goýulýan hormat hökmünde kabul edilýändigini belläp, munuň özüniň taryhy ähmiýeti bolan waka öwrülendigini aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy birek-birege hoşniýetli sözlerini aýdyp, türkmen we britan halkyna abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.