Turkmenportal logo
Düýn 22:02
60646064
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Türkmenistanyň hukuk ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň, Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi, ýurduň syýasy partiýalary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde guramagynda Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň hukuk ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlary: häzirki zaman kanunçylygynyň milli modeli» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi habar berýär.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Aşgabat şäher halk maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, Demokratik partiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, alymlar, professor-mugallymlar, şeýle hem ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatyň çäklerinde «Garaşsyz döwletimiziň hukuk ulgamynyň kemala gelmegi: milli tejribe we halkara hukugy», «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň  ykdysady, syýasy, ýaşaýyş-durmuş, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda syýasy we hukuk özgertmeleri», «Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkara başlangyçlary: parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň halkara-hukuk esaslaryny pugtalandyrmakdaky ähmiýeti» atly bölümler boýunça geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary hem-de Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen milli kanunçylygyň yzygiderli kämilleşdirilýändigi, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurduň milli kanunçylygynyň berk binýadynyň döredilmeginiň, häzirki zaman kanunçylygynyň milli modeliniň kemala gelmeginiň, döwletiň hem-de jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde adamyň ykrar edilmeginiň ata-babalaryň asylly ýörelgelerine laýyk gelýändigi, Konstitusiýada berkidilen adalatlylyk, deňhukuklylyk, adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny sarpalaýan ýörelgeleriň raýat jemgyýetiniň dabaralanmagyna giň şertleri döredýändigi barada aýratyn nygtadylar.

Şeýle hem maslahatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň gününiň bilelikde bellenmeginiň ähmiýeti, many-mazmuny, türkmen halkynyň dostlukly, ynsanperwer we hoşniýetli gatnaşyklaryna bolan üýtgewsiz ygrarlylygyny alamatlandyrýandygy barada belläp geçdiler. 

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi.