Turkmenportal logo
Şu gün 11:12
42684268
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda GDA-nyň wekiliýet ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirer

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 22-nji maýda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer. Bu barada TDH habar berýär.

Çäreleriň maksatnamasyna laýyklykda, GDA-a agza ýurtlaryň wekiliýet ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikleriň, şeýle hem Arkalaşygyň ugurdaş düzümlerinde wekiliýet ýolbaşçylarynyň duşuşyklarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Duşuşygyň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekilmegine garaşylýar.

Sammite taýýarlyk işlerini Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde alyp barýar. Ministrler Kabinetiniň mejlisinde alnyp barylýan işleriň gidişi barada wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow hasabat berdi.

Şu ýyl Türkmenistan GDA-da başlyklyk edýär. Ýylyň başyndan bäri başlyklyk etmegiň çäklerinde Arkalaşygyň ugurdaş geňeşleriniň we komissiýalarynyň mejlisleri geçirilýär.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň GDA bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini nygtady we DIM-niň ýolbaşçysyna geçiriljek çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.