Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik muzeýinde Aşgabadyň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň eserlerinden ybarat sergi açyldy.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, mekdepde suratkeşlik, zergärçilik sungaty we keramika ugurlary boýunça 200 zehinli oglan-gyzlar bilim alýar.
Muzeýdäki sergide ýaş suratkeşleriň 500-e golaý işi görkezilýär. Olaryň arasynda Näzli Japarowanyň «Azat Annaýewiň portreti», Güljeren Allaberdiýewanyň «Ak şäherim Aşgabat», Gülzada Annamyradowanyň «Meniň mekdebim», Bibi Sapargulyýewanyň awtoportreti, Tumar Şagylyýewanyň «Balykçylar» atly triptihi we beýleki eserler bar.
Zergärçilik ugrunda okaýan okuwçylaryň iň gowy işleri milli äheňde ýerine ýetirilipdir.
Türkmen zergärleriniň sungaty gadym döwürlerden bäri ýurdumyzyň çäginden daşarda-da giňden meşhur bolupdyr. Zergärçilik bölüminde okaýan ýaşlar gadymy nagyşlary öwrenmek arkaly monjuklar, gülýakalar we gulakhalkalar ýaly bezeg şaýlaryny döredýärler.
Serginiň merkezi bölegini keramika eserleri — dürli küýzeler, reňkli nagyşlar bilen bezelen bezeg tabaklary we nagyşlanan gaplar eýeleýär.