Turkmenportal logo
Düýn 23:28
82408240
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Soňky jaň» dabaralary ýokary derejede geçirmek tabşyryldy

Türkmenistanyň ähli orta mekdeplerinde 25-nji maýda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary bilen «Soňky jaň» dabaralary geçiriler. Göreldeli uçurymlara hem-de kärine ussat bilim işgärlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşurylar. Baýramçylyk güni uçurymlaryň Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň gözel ýerlerine, medeni-dynç alyş merkezlerine gezelençlerini guramak meýilleşdirilýär. Şeýle hem, baýramçylyk güni medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Bu barada şu gün şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Mämmedowyň hasabatynda bellenildi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, wise-premýere okuw ýylynyň tamamlanmagy şeýle-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli mekdepleriň uçurymlarynyň gatnaşmaklarynda «Soňky jaň» dabaralaryny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.