Turkmenportal logo
Düýn 22:51
75327532
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
24-25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly sergi we maslahat geçiriler

Aşgabat şäheriniň 145 ýyllygy mynasybetli paýtagtda geçiriljek dabaraly çärelere ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedowyň hasabatynda bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, meýilnama laýyklykda dürli ugurlara bagyşlanan maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary, sergileri, paýtagtyň dürli künjeklerine gezelençleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şu ýylyň 24-25-nji maýy aralygynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV halkara köpugurly sergisi we maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. Halkara sergide ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerli hususy kärhanalaryň, şeýle hem daşary ýurt kärhanalarynyň dürli ugurlarda gazananlaryny görkezýän sergi bölümlerini guramak meýilleşdirilýär. Serginiň çäginde geçiriljek maslahatyň dowamynda Aşgabady «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda ösdürmek, maýa goýumlary çekmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Baýramçylyk mynasybetli «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti ýaýbaňlandyrylar.  Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, şu ýylyň 24-25-nji maýynda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly sergisini we maslahatyny ýokary derejede geçirmeklige ünsi çekdi hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guraljak beýleki çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.