Turkmenportal logo
Düýn 22:39
64436443
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işi döwrebaplaşdyrylar

Türkmenistanyň milli standartlaşdyrmak ulgamy boýunça işler häzirki zaman talaplaryna laýyklykda kämilleşdiriler. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradowyň hasabatynda bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, hil babatda gözegçiligi amala aşyrmakda degişli çäreler görülýär. Hususan-da, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň garamagyndaky edaralaryň barlaghanalarynda harytlaryň we önümleriň hil görkezijilerini anyklamakda döwrebap serişdeler ulanylýar. Bu babatda daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda milli standartlaşdyrmak ulgamyny kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belläp, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.