Türkmen türgeni Bunýad Raşidow Hindistanyň Gandinagar şäherinde geçirilýän agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda baýrakly orny eýeledi.
Ol 71 kilograma çenli agram derejede ýaryşa gatnaşyp, silterläp götermekde 147 kilogram netije bilen bürünç medalyň eýesi boldy.
Aziýa çempionaty 18-nji maýda tamamlanar. Ozal habar berşimiz ýaly, ýaryşa 28 ýurtdan 172 türgen gatnaşýar. Turnirde Türkmenistana 6 sany agyr atletikaçy wekilçilik edýär.