Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tatarystan Respublikasyna sapary tamamlandy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, saparyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen «Kazan» halkara atçylyk-sport toplumyna baryp gördüler. Ýokary derejeli myhmanlar toplum bilen tanyşlygyň öňýanynda Tatarystanyň kärhanalarynyň oba hojalyk we azyk önümleri görkezilýän ýöriteleşdirilen sergisini synladylar. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow «Kazan» atçylyk-sport toplumynyň işi bilen tanyşdyryldy, şeýle hem bu ýerde çapyksuwarlaryň görkezme çykyşlary boldy. Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan şäheriniň yslam dünýäsi ýurtlarynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahatyna gatnaşdy.
Tatarystan Respublikasyna saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen bilelikde Kazan şäheriniň halkara howa menziline bardy. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri ýokary derejeli myhmansöýerlik üçin Tatarystanyň Baştutanyna minnetdarlyk bildirip, Türkmenistana ugrady.