2028-nji ýylda Aşgabat şäheri yslam dünýäsi ýurtlarynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilip bilner. Häzirki wagtda bu meselä seredilýär hem-de ol boýunça degişli işler geçirilýär. Bu barada Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň ýolbaşçysy Salim Al Malik guramanyň maslahatyndaky çykyşynda belledi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» XVII halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň nobatdaky maslahatyna gatnaşdy. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahatynda çykyş edip, birnäçe möhüm teklipleri öňe sürdi. Maslahata gatnaşyjylar teklipleriň ähmiýetini belläp, olary doly goldadylar. Türkmenistanyň Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň şu gezekki geçirilen maslahatyna synçy hökmünde gatnaşmagy resmi taýdan kabul edilendir.